Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton, Trump çekeleşikli debaty geçirdi


Birleşen Ştatlaryň Demokratik partiýasynyň kandidaty Hillari Klinton we onuň Respublikan partiýasyndan bäsdeşi Donald Trump.
Birleşen Ştatlaryň Demokratik partiýasynyň kandidaty Hillari Klinton we onuň Respublikan partiýasyndan bäsdeşi Donald Trump.

9-njy oktýabrda Birleşen Ştatlaryň Demokratik partiýasynyň kandidaty Hillari Klinton we onuň Respublikan partiýasyndan bäsdeşi Donald Trump çekeleşikli debaty geçirdiler.

Bu debatda Trump eger-de prezidentlige saýlansa, onda Demokratlaryň prezidentlige dalaşgärini “türmä basjakdygyna” wada berdi, Klinton bolsa bäsdeşiniň gylyk-häsiýetine hüjüm edip, onuň Ak tama mynasyp däldigini aýtdy.

Sent-Louizdäki Waşington uniwersitetinde bolan çekeleşikli debat Trumpyň gödek çykyşlary baradaky 2005-nji ýyla degişli wideo media serişdelerine syzandan iki gün soň boldy.

Gürrüňi edilýän wideo tanymal kanunçykaryjylaryň we gubernatorlaryň köpçülikde çykyş edip, özleriniň Trumpa ses bermejekdigini aýtmagyna sebäp boldy. Bu bolsa Respublikan partiýasyny krizise tarap itekledi.

Debatyň başynda wideo barada çykyş eden Trump wideodaky aýdanlarynyň “geýim çalşyrylýan otagda edilýän gürrüňlerden” ybaratdygyny aýdyp, ABŞ-nyň öňki prezidenti we bäsdeşi Hillari Klintonyň adamysy Bill Klintonyň “mundanam beterini” edendigini belledi.

XS
SM
MD
LG