Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Samsung ‘Galaxy Note 7’ smartfony öndürmegi bes edýär


‘Galaxy Note 7’ smartfony
‘Galaxy Note 7’ smartfony

Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy “Galaxy Note 7” smartfony bilen baglanyşykly onlarça partlama bolansoň, ony öndürmegi hemişelik bes edýändigini aýtdy.

“Associated Press” habar agentliginiň beren maglumatyna görä, 11-nji oktýabrda “Samsung Electronics” kompaniýasy sarp edijileriň howpsuzlygy hatyrasyna “Note 7” smartfonlaryň önümçiligini durzurmak barada karar kabul etdik diýdi.

Şol bir wagtda kompaniýa ähli taraplardan bu smartfonuň satuwyny ýatyrmagy talap edip, öz ulanyjylaryny ondan peýdalanmazlyga çagyrandygyny mälim etdi.

“Reuters” habar agentliginiň maglumatyna görä, muňa “Galaxy Note 7” smartfonyň akkumulýatorynyň gyzyp, ot alýandygy baradaky täze maglumatlar sebäp bolupdyr.

Ýeri gelende ýatlatsak, Günorta Koreýanyň kompaniýasy şu sebäpli 2-nji sentýabrda satuwa çykarylan 2,5 million smartfonyny yza çekipdi.

“Galaxy Note 7” smartfonyň satuwyna şu ýylyň 19-njy awgustynda başlanypdy.

XS
SM
MD
LG