Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şahyr Şiraly wepat boldy


Şiraly Nurmyrat
Şiraly Nurmyrat

Belli türkmen şahyry, Halkara Kurt Tuholsky baýragynyň we Halkara PenKlub baýraklarynyň eýesi Şiraly Nurmyrat 71 ýaşynyň içinde, 11-nji oktýabrda Stokgolmda aradan çykdy.

Ol 1945-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Bäherden etrabynyň Börme obasynda dünýä inipdi. Şol ýerde orta mekdebi gutardy. Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girdi. Onuň 3-nji kursundan harby gulluga gitdi hem gullakdan gelensoň, dürli sebäplere görä uniwersitetdäki okuwyny dowam etdirip bilmedi. Ara wagt salyp, Moskwanyň Edebiýat institutyny gaýybana okap gutardy.

Ol studentlik ýyllaryndan döredijilik işine başlady. Metbugatda onuň goşgulary hem käbir hekaýasy çap boldy. Ol turywbaşdan köpçüligiň gözüne ildi hem hatda has ýiti täzelik gözleýändigi üçin, Berdi Kerbabaýewiň resmi tankydyna-da duçar bolupdy.

Türkmenistanda dürli redaksiýalarda işledi, teatrlarda edebiýat bölüminiň müdiri boldy. Ýurtda aýdyňlyk döwrüniň başlanmagy bilen döwlet resmileri barada açyk sözüni aýdyp başlady. Bu ýurduň baştutanyna, aýratyn-da S. Nyýazowa ýaramady. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda alymlar topary hem intelligensiýa wekilleri bilen geçirilen duşuşykda, ýurduň döwlet ýolbaşçysy Şiraly Nurmyrady görkezip, “men seni türmä basdyraryn” diýdi. Diýşi ýaly-da ony türmä basdylar.

SSSR-iň dargamagy bilen Orsyet türmesinden çykan Şiraly ýurda dolanyp bilmedi. Ömrüniň galan bölegini Orsýetde hem Şwesiýada geçirdi.

Onuň “Gün bize geňeşmän dogýar” atly liriki powesti, “Gurtmy – tilki” dramasy, Nobatguly Rejep bilen bilelikde ýazan “Bally molla” komediýasy halk arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.

Aýartyn-da, ukypsyz döwlet ýolbaşçylary barada ýazan epigrammalary aýratyn meşhurlyga ýetdi. Ony resmi däl ýagdaýda magnit lentasy arkaly ýazgy edip, elden-ele göçürlip köpçülige ýaýradypdylar. Ol goşgulary S. Nyýazowyň özi hem diňläpdir diýen gürrüňler ýaýrady.

Öz ýurduny hem il-gününi jany-teni bilen söýen şahyr hiç wagtda Watan aladasyndan özüni çetde tutmady. Ol Şwesiýada ýaşan döwründe hem esasan Watan barada eserler ýazdy.

Watanyna aşyk bolan şahyr ene topraga ýetmän dünýäden ötdi.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG