Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki Anadolu habar gullugy demirgazyk Yrakda Mosul şäherini «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerinden yzyna almak operasiýasynyň, eger-de ol ýerde adatdan daşary bir ýagdaý bolmasa, birki gün içinde başlanjakdygyny aýdýar.
14-nji oktýabrdaky habar yrak çeşmelerine, şol sanda Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gepleşiklere gatnaşan resmilere salgylanýar.
Aýdylmagyna görä, planlaşdyrylýan operasiýa demirgazyk Yrakdaky Başiga lagerinde türk harbylary tarapyndan tälim berlen sünni musulman güýçleri hem gatnaşar.