Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy bilelikdäki merkezini döretdi


 Serž Sarkisýan
Serž Sarkisýan

Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň – KHŞG-nyň agza döwletleri umumy howp-hatarlar, şol sanda terrorçylyk baradaky maglumatlary alyp-berişmek we wagtynda anyk karara gelmek üçin bilelikdäki merkez döretmegi karar etdiler.

Ermenistanyň prezidenti, 14-nji oktýabrda Ýerewanda geçen sammite beýemçilik eden Serž Sarkisýan täze merkeziň döredilendigini habar berdi.

Emma bu merkez baradaky has giň detallar bada-bat aýan bolmady.Sarkisýan Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň täze baş sekretary baradaky meseläniňşu ýylyň aýagynda, Sankt-Peterburgda geçiriljek sammitde ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Şeýle-de ol agza döwletleriň Dagly-Garabag meselesini diňe parahatçylykly ýagdaýda çözmäge ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassyklandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG