Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak Mosuly ‘YD-dan’ yzyna almak üçin operasiýalara başlady


Yrak Mosuly yzyna almak üçin operasiýalara başlady
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:55 0:00

Yrak Mosuly yzyna almak üçin operasiýalara başlady

Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi Mosul şäherini "Yslam döwleti" atly ekstremistik topardan yzyna almak üçin uzak wagtlap garaşylan operasiýa başlandy diýip yglan etdi.

Giň gerimli hüjüme Yrakda Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky ýaranlygyň goldawy bilen Yragyň howpsuzlyk güýçleri we kürt peşmerga söweşijileri gatnaşýar.

Mosuly yzyna almak baradaky söweş amerikan güýçleri 2011-nji ýylda Yragy terk edeli bäri bu ýurtda geçirilen iň uly harby operasiýa we üstünlikli bolan halatynda hem ekstremistler üçin uly ýeňliş bolar.

Birleşen Milletler Guramasy bolsa Yragyň ikinji uly şäheri bolan Mosulyň özündäki we töweregindäki 1.5 million ilatyň howpsuzlygy hakda "aşa alada" bildirdi.

"Ýeňşiň wagty gelip ýetdi. Mosuly erkinlige çykarmak ugrandaky operasiýa başlandy" diýip, Abadi 17-nji oktýabrda döwlet telewideniýesinden görkezilen çykyşynda aýtdy.

Ýeňişli operasiýanyň başlanmagydyr

Abadi Mosulyň ýaşaýjylaryna gönükdirip: "Bu sizi Daeşiň [Yslam döwleti] zorluklaryndan we terrorizminden azat etmek ugrundaky ýeňişli operasiýanyň başlanmagydyr" diýdi.

Yrakly ofiserleriň arasynda egni harby eşikli duran Abadi Mosula diňe hökümet güýçleriniň girjekdigini wada etdi. 2014-nji ýyldan bäri "Yslam döwletiniň" kontrollygyndaky şäheriň ilatynyň aglaba köplügi sünniler.

"Azatlyk ugrundaky operasiýa ýolbaşçylyk edýän güýç Yragyň edermen goşuny bilen milli polisiýa. Mosula girjekler şular, başgalar däl" diýip, Abadi belledi.

Eýran tarapdan goldanylýan şaýy ýarym harbylary dürli etraplary "Yslam döwletinden" yzyna almak üçin geçirilen operasiýalaryň gidişinde parahat ilata degişli sünnilere zulum-sütem edenlikde aýyplanýar.

Mosuly yzyna almak ugrundaky hüjümler ençeme aý mundan ozal planlaşdyryldy.

Abadiniň eden çykyşyndan öň general Haýdar Fadhil "AP" habar gullugyna hüjüme 25 müňden agdyk ýaragly güýçleriň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Peşmerganyň harby ýolbaşçylygy hem operasiýanyň dört müň çemesi kürt söweşijisini öz içine aljakdygyny bildirdi. Olaryň wezipesi Mosulyň gündogarynda "Yslam döwletiniň" elindäki obalary jeňçi topardan arassalamak bolar.

“Operasiýa ekstremistik topary ýeňmegiň esasy çözgüdi”

Ol şeýle hem operasiýanyň Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky ýaranlygyň goldawy bilen günortadan hereket edýän Yragyň federal güýçleri bilen utgaşdyrylandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Aş Karteriň aýtmagyna görä, operasiýa ekstremistik topary ýeňmegiň esasy çözgüdi.

"Yslam döwletini hemişelik ýeňlişe sezewar etmekde bu bir aýgytly pursat bolup durýar. Biz yrakly ýaranlarymyzyň umumy duşmanymyzdan üstün çykyp, Mosuly we Yragyň galan bölegini 'Yslam döwletiniň' ýigrenjinden we zulmundan halas etjekdigine ynanýarys" diýip Karter aýtdy.

Mosul "Yslam döwletiniň" lideri Abu Bakr al-Bagdadiniň Yrakda we goňşy Siriýada halyfaty yglan eden ýeridir.

Soňky birnäçe günlükde şäheriň ilatyna basym operasiýa ýola goýulýar diýlip, howadan taşlanan müňlerçe listowka bilen duýduryş berildi.

Bu aralykda, Ynsanperwer işler boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary Stefen O'Brien operasiýa sebäpli 1 million ilatyň öý-owzaryny taşlap gaçmagy mümkin diýdi.

"Yrakly gyzlaryň, oglanlaryň, aýallaryň hem erkekleriň müňlerçesiniň gabawda bolmagy ýa galkan hökmünde saklanýan bolmagy mümkin. Müňlerçe adamyň zor bilen kowlup çykarylmagy ýa söweş liniýalarynyň arasynda gabawa düşmegi-de mümkin" diýip, O'Brien bir beýanatda aýtdy.

XS
SM
MD
LG