Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak goşuny Mosulyň golaýyndaky obany aldy


Yrak goşuny Mosula golaýlaýar.

Yragyň hökümet güýçleri ekstremistleriň kontrollygyndaky Mosulyň demirgazygyndaky soňky oba baryp girdiler.

Yrak goşun bölümleriniň 23-nji oktýabr güni irden Mosulyň 5 km uzaklygyndaky Tal Kaýf obasyna girendigi aýdylýar.

«Yslam döwleti» toparyna garşy söweşýän yrak goşunlary bir gün öň, 22-nji oktýabrda Mosulyň 12 km uzaklygyndaky strategik şäher Hamdaniýany ele geçirdiler.

Hamdaniýa 2014-nji ýylyň awgustynda «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileri tarapyndan eýelenmezinden öň esasan hristianlaryň agdyklyk edýän şäheridi.

Yrak goşuny Mosulyň 12 km çemesi uzaklygyndaky Bartella hem kontrollyk edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG