Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan býujetiň 79.3% sosial pudaga sarp edildi diýýär


Türkmenistan
Türkmenistan

Türkmenistan 2016-njy ýylda döwlet býujetiniň girdeji bölegini 10.7 million manat möçberinde, çykdajy bölegini 11.9 million manat ýerine ýetirendigini yglan etdi.

Resmi maglumatda býujetiň 79.3%-tiniň sosial pudagyň maliýe üpjünçiligine sarp edilendigi aýdyldy.

Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda 2016-njy ýylyň býujetiniň girdeji bölegi 10.47 million manatdan we çykdajy bölegi 10.87 million manatdan gowrak derejede görkezilipdi. Onuň esasy böleginiň sosial pudaga, şol sanda bilim, saglygy saklaýyş, medeniýet we öý-hojalyk ugurlaryna, şeýle-de döwletiň sosial üpjünçilik maksatlaryna gönükdiriljekвшgi aýdylypdy.

Ýylyň başynda býujet işgärleriniň aýlyklary, pensiýalar we beýleki sosial tölegler 10% artdyryldy. Emma ýylyň dowamynda harytlaryň nyrhy ortaça hasapdan 30% ýokarlandy.

Döwlet edaralarynyň işgär sany azaldyldy, aýlyklar birnäçe aýlap gijikdirildi.

XS
SM
MD
LG