Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik raýaty rus esgerini öldürmekde günäli tapyldy


Täjigistanda Russiýanyň 7 müň töweregi esgeri saklanylýar.

Täjigistanyň sudy ýerli adamy Kurghon-Teppa şäherinde bir rus esgerini öldürendigi üçin 20 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Khalton şäheriniň sudunyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Ahliddin Maşrabow rus esgeri Alekseý Buýenkowy öldürmekde günäli tapylypdyr.

Maşrabow 31-nji iýulda tussag edilipdi. Tussag edilmeginden birnäçe sagat ozal ol Kurghon-Teppa şäherindäki restoranlaryň birinde Buýenkow bilen ýakalaşypdy. Bu wakanyň netijesinde Buýenkow aradan çykdy.

Maşrabow öz günäsini boýun aldy. Emma ol Buýenkowyň we başga-da iki rus esgeriniň oňa ilki hüjüm edendiklerini hem sözüne goşdy.

Täjigistanda ýerli adamlar bilen rus esgerleriniň arasynda ganly çaknyşyklaryň bolýandyklary barada ýygy-ýygydan habarlar gowuşýar.

Täjigistanda Russiýanyň 7 müň töweregi esgeri saklanylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG