Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan söweşijileri parahat ilatdan 30 adamy öldürdi


Owganystanyň kartasy.
Owganystanyň kartasy.

Owganystanyň Ghor welaýatyndaky Firoz Koh şäherine edilen hüjümde söweşijiler parahat ilatdan 30 çemesi adamy öldürdiler.

Resmileriň 26-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, bu hüjüm “Yslam döwleti” atly toparyň ýerli komandiri öldürilenden bir gün soň, ar almak maksady bilen amala aşyrylan bolmagy ähtimal.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

Ghor welaýatynyň häkimi Nasir Hazeh “AFP” habar agentligine beren maglumatynda 25-nji oktýabr gijesi bolan bu wakada pida bolanlaryň aglabasynyň çopanlardygyny, emma käbir çagalaryň hem alnyp gaçylandygyny we öldürilendigini aýtdy.

“Olaryň öli jesetleri şu gün irden ýerli ýaşaýjylar tarapyndan tapyldy” diýip, Hazeh belledi.

XS
SM
MD
LG