Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 5.8 magnitudaly ýer titreme boldy


Balkanabat şäheri
Balkanabat şäheri

Türkmenistanda 5.8 magnitudaly ýer titreme boldy.

ABŞ-nyň Geologiýa merkezi ýer titremäniň 26-njy oktýabrda Aşgabat wagty 19:15 bolandygyny habar berdi. Maglumata görä, ýer titreme Türkmenistanyň günbatarynda Balkan şäherinden 10 kilometr uzaklykda emele gelipdir.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň habar bermegine görä, güýji 4 magnituda barabar ýer sarsgynlary ýerli wagt bilen 19:19 Aşgabatda hem duýulypdyr.

Ýer titremäniň netijeleri barada entek jikme-jik maglumat ýok.

Türkmenistanyň resmi habar serişdelerinde ýer titreme barada habar berilmedi.

Türkmenistan seýsmiki taýdan aktiw zonada ýerleşýär. Türkmenistanyň taryhynda iň güýçli ýer titreme 1948-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda bolup, 7.3 magnitudaly ýer sarsgynlarynyň döreden weýrançylygy zerarly azyndan onlarça müň adam wepat bolupdy.

XS
SM
MD
LG