Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň sudýasy: Türkiýäniň kazyýeti Erdogan tarapyndan ‘ele geçirildi’


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýokary derejeli federal kazylarynyň biri Mark L. Wolf.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýokary derejeli federal kazylarynyň biri Mark L. Wolf 2012-nji ýylda Türkiýede bolup, ýurduň prokurorlarynyň we kazylarynyň has köp garaşsyz we bitarap bolmagy boýunça geçirilen türgenleşige kömek etdi.​

Ol 25-nji oktýabrda Praga gelip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň regional direktory Abbas Jawadi bilen söhbetdeş boldy.​

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Türkiýedäki kazyýet çeşmeleriniň aýtmagyna görä, golaýda 3700 töweregi kazy we prokuror ýa wezipesinden boşadyldy ýa-da tussag edildi. Bu adamlaryň Birleşen Ştatlarda ýaşaýan we iýulda başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygyny gurnanlykda aýyplanýan musulman ruhany Fethullah Gülen bilen ilteşiklidigi aýdylýar. Türkiýede kazyýet agzalaryna edilýän bu basyşa nähili garaýarsyňyz?

Mark Wolf: Aslynda kazyýet iýulda başa barmadyk döwlet agdarylyşygyndan öň premýer-ministr Rejep Taýýyp Erdoganyň kontrollygynda durýardy (Erdogan 2014-njy ýylda prezident bolmazdan ozal ýurduň premýer-ministridi). Iýulda döwleti agdarmaga synanyşylanda 24 sagadyň içinde 3 müňe golaý kazy barada tussag astyna almaklyk orderi çykdy. Ýokary geňeşiň başlygynyň orunbasarynyň hem boýun alyşy ýaly, kazylaryň sanawynyň ençeme ýyl bäri bar bolandygy mese-mälim. Sanaw döwleti agdarmaga edilen synanyşykdan sanlyja sagat soňra taýýarlanan zat däl, ýöne döwlet agdarylyşygy kanunyň hökmürowanlygyny gorap çykyş etmegi mümkin adamlaryň wezipesini peseltmäge däl-de, olary gabamaga bir mümkinçilik, belki-de, bahana boldy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Edilýän basyş diňe kazylara we prokurorlara garşy gönükdirilenok. Iýuldan bäri jemi 50 müň döwlet we hökümet işgäri, şol sanda harbylar, akademikler, mugallymlar işden çykaryldy. Olaryň käbiri şindi-de türmede otyr. Sud işleri hakda näme diýip bolar?

Mark Wolf: Meniň bilşime görä, tutulan kazylaryň hiç birine bildirilen bir aýratyn aýyplama ýok, sud prosesi hem ýok. Tutulan kazylaryň käbiri türmeden boşadylan hem bolsa, sud prosesi ýok. Häzirki ýagdaýda adalatly sud prosesi bolar diýip göz öňüne getirmek mümkin däl.

Tutulanlaryň işine seretmek üçin ýörite kazyýetler döredildi. Ýöne Türkiýede haýsy hem bolsa, bir kazy işi adalatly alyp baryp, aýyplanylýan adam Güleniň terroristik [diýilýän] guramasy bilen ilteşiklilikde bigünä diýip karar çykarar diýip pikir etmek mümkin däl. Sebäbi muny eden kazynyň özüniň türmä basyljakdygy görnüp dur. Dogrudan-da, öňki kärdeşlerini tutdyranlarynda bu işiň adalatsyzdygyny aýdanlaryň bolandygy hakda habarlar bar. Ýöne olar bu orderi çykarmasalar, indiki gezek özleriniň türmä düşjekdigini-de bilýärler.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Bu Türkiýe üçin bir täze zatmy? 2012-nji we 2013-nji ýyllarda döwleti agdarmak baradaky planlar Ergenekon we Balýoz Türkiýäniň kazyýet häkimiýetiniň garaşsyzdygy hakda alada döredipdi.

Mark Wolf: Kazylaryň we kazyýetleriň garaşsyzlygy we işleri hakda aýdanyň, Türkiýe bir ajaýyp taryha eýe däl. Ýöne 2012-nji we 2013-nji ýyllarda azyndan dogruçyl, bitarap we garaşsyz prosesleri alyp barmaga synanyşýan adamlar bardy, prokurorlar-da bardy. Indi bu tagallalar çökdi, çökerildi. Bu tagalla döwleti agdarmaga edilen synanyşkdan öň basylyp ýatyryldy, basyş ondan soňra hem has güýçlendirildi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Türk hökümeti Birleşen Ştatlary Güleni ekstradisiýa etmäge çagyrýar. Ýokary derejeli türk resmileri ol berilmän halatynda Ankara Waşington bilen gatnaşyklaryny keser diýip haýbat atýarlar. Gülen Birleşen Ştatlaryň hemişelik ýaşaýjysy, ol ekstradisiýa edilermi?

Mark Wolf: Meniň düşünişime görä, ekstradisiýa üçin [Türkiýe tarapyndan] berlen resmi haýyşnama ýok. Bu haýyşnama berilse, Birleşen Ştatlarda ornadylan kanuny proses bar, şoňa eýerilmeli. Onsoň ekstradisiýa üçin gerekli şertleriň ýerine ýetirilendigi ýa ýetirilmändigi barada meniň ýaly bir sebit kazysy – ýöne men däl – karar bermeli bolar.

Bu şertler şulardan ybarat: birinjiden, jenap Güleniň Türkiýede, şeýle hem Birleşen Ştatlarda jenaýat hasaplanýan işleri edendigi hakda ynamdar subutnama bolmaly. Bu subutnama barmy, muny men bilemok.

Mundan başga ýene iki mesele bar. Meniň düşünişimçe, bir adam Türkiýede jenaýat hasaplanýan we Birleşen Ştatlarda hem jenaýat hasaplanýan işi eden hem bolsa, Birleşen Ştatlaryň ekstradisiýa kanuny boýunça, amerikan kazysy onuň sud prosesiniň Türkiýede adalatly geçjekdigine we onuň urlup-ýenjilip gynalma howpy ýokdugyna berk ynanmasa, ekstradisiýa edilmeýär.

Bu barada başga bir kazy karar bermeli bolar. Men subutnamany göremok, näme kepilnamalaryň bardygyny-da bilemok. Ýöne jenap Gülen Türkiýä berilse, ol adalatly sud ediler diýip, göz öňüne getirmek mümkinmi?

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Türkiýede kanunyň hökmürowanlygynyň hormatlanmagyny goldamak üçin Günbatar ýeterlik iş edýärmi?

Mark Wolf: Türkiýe Siriýada barýan söweşde we [ Yslam döwleti toparyna] garşy söweşde Birleşen Ştatlaryň möhüm harby ýarany bolup durýar. Türkiýe Ýewropa gelýän sansyz-sajaksyz bosgunlaryň öňünde möhüm germew bolup durýar. Men şu ýagdaýlar sebäpli Birleşen Ştatlar bilen onuň ýewropaly ýaranlary Türkiýede kanunyň hökmürowanlygynyň hormatlanmagynyň möhümdigi hakda dymýarlar ýa oňa biparh garaýarlar diýip pikir edýärin.

Meniň garaýşymça, bu prezident [Barak Obama] we onuň bilen işleýänler üçin bir kyn mesele. Ýöne gysga düşünjelilik. Türkiýe NATO-nyň agzasy, NATO ýaranlygy hem demokratik döwletlerden düzülmeli diýlip niýetlenilen gurama. Türkiýe kanunyň hökmürowanlygyny ýerine ýetirmese, onda ol Birleşen Ştatlara we onuň NATO ýaranlaryna ynamdar ýa ähmiýetli ýaran bolmaz.

Şeýlelikde, Türkiýe Birleşen Ştatlara we onuň ýaranlaryna kyn ýagdaýlary döretdi. Ýöne meniň pikirimçe, eger biz kanunyň hökmürowanlygyny goldamakda köpräk herekete geçmesek, bu bir masgaraçylyk bolar, biz dogruçyl kazylaryň, prokurorlaryň we beýlekileriň tussag edilip, maşgalalarynyň we durmuşlarynyň dargadylmagyna ýol berdigimiz bolar, netije-de ygrarly ýaranymyz-da bolmaz.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG