Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň agzalarynyň aglabasy täze rezolýusiýany goldap ses berdi


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynyň komiteti ýadro ýaraglaryny gadagan edýän täze ylalaşyk barada gepleşiklere başlamak boýunça ses berdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynyň komiteti ýadro ýaraglaryny gadagan edýän täze ylalaşyk barada gepleşiklere başlamak boýunça ses berdi. Bu çäre ýadro ýaragyna eýe bolan dünýäniň güýçli döwletleriniň ýiti garşylyk görkezmegine garamazdan amala aşyryldy.

Awstriýa, Irlandiýa, Meksika, Nigeriýa, Günorta Afrika we Braziliýa tarapyndan sponsorlyk edilýän rezolýusiýa 38 agzanyň garşy durmagy we 123 agzanyň goldamagy netijesinde kabul edildi.

Rezolýusiýada “islendik ýadro ýaraglarynyň ulanylmagynyň aýylganç gumanitar netijeleriniň bolup biljekdigi” dogrusynda çuňňur aladalanma bildirilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýadro ýaragyna eýe bäş agzasyndan dördüsi – Britaniýa, Fransiýa, Russiýa we Birleşen Ştatlar rezolýusiýa garşy ses berdiler. Şol bir wagtyň özünde Hytaý ses bermekden saklandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG