Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda aktiwistler tussag edildi, ýörişler gadagan edildi


Imran Han.
Imran Han.

Pakistanyň polisiýasy ýurduň oppozision lideri Imran Hanyň tarapdarlarynyň onlarçasyny tussag etdi we köpçülikleýin ýörişleri geçirmegi gadagan etdi. Bu waka Yslamabadyň käbir sebitlerinde polisiýa bilen oppozision aktiwistleriň arasynda çaknyşyklaryň bolmagyna getirdi.

27-nji oktýabrda giçlik amala aşyrylan tussag edilmeler Hanyň 28-nji oktýabrda ähliumumy protestleri geçirmäge çagyrmagyna sebäp boldy. Bu çagyryş hökümetiň şeýle demonstrasiýalary gadagan edendigine garamazdan edildi.

Pakistanyň hökümeti 27-nji oktýabrda ähli syýasy üýşmeleňlere garşy güýje giren bu gadaganlygyň Yslamabat we Rawalpindi şäherlerine degişlidigini we onuň öňümizdäki iki aýa çenli güýçde saklanjakdygyny aýtdy.

Bu gadaganlyk Hanyň partiýasynyň 2-nji noýabrda premýer-ministr Nawaz Şarife garşy geçirmegi planlaşdyrýan ýörişiniň öňüni almak üçin güýje girizilen ýaly bolup görünýär.

XS
SM
MD
LG