Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamabatda polisiýa protestçiler bilen çaknyşdy


Pakistanly protestçiler
Pakistanly protestçiler

Yslamabatda polisiýa daş böleklerini zyňýan oppozisiýa protestçilerini dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazy we rezin taýaklary ulandy. Protestçiler hökümetiň demonstrasiýalary geçirmek baradaky gadagançylygyna hem garamazdan köçelere çykdylar.

Pakistanyň Rawalpindi, Karaçi we Lohore şäherlerinde hem oppozisiýa lideri Imran Khanyň tarapdarlary bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyklar boldy.

Polisiýa tutuş ýurt boýunça Khanyň onlarça tarapdarlaryny tussag etdi.

Gazaplylyk Khanyň “Pakistan Tehrik-e-Insaf” partiýasynyň wekilleriniň onuň Yslamabatdaky öýüne barýan pursady ýüze çykdy. Mundan bir gün öň, Khan uly ýörişi geçirmäge çagyryş edipdi.

Khan 2-nji noýabra planlaşdyrýan “million adamlyk ýörişini” geçirmäge ygrarly bolup galýandygyny aýtdy. Ol munuň bilen premýer-ministr Nawaz Şarifiň wezipesinden çekilmegini gazanjak bolýar.

Şarifiň maşgala agzalarynyň ofşor sebitlerindäki banklarda hasaplarynyň bardygy baradaky maglumatlar syzyp çykandan soň, Şarifiň wezipesinden çekilmegi baradaky çagyryşlar hem köpeldi.

XS
SM
MD
LG