Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemeniň türmesine edilen howa hüjüminde 60 adam öldi


Ýemeniň bosgunlykdaky prezidenti Abu-Rabbu Mansur Hadini goldaýan söweşiji. Arhiwden

Ýemende Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýasynyň bir türmä eden howa zarbasy netijesinde 60 töweregi adam öldi.

Howpsuzlyk we saglyk işgärleriniň berýän maglumatyna görä, şenbe güni ýurduň günbataryndaky port şäheri Hudaýdahda ýerleşýän al-Zaýdiýa howpsuzlyk binasyna hüjüm edilipdir.

Bu şäher 2014-nji ýyldan bäri hökümet bilen söweşýän şaýy Huthi jeňçileriniň elindedir.

Ölenleriň arasynda jeňçileriň we tussaglaryň hem bolandygy aýdylýar.

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, mundan birnäçe sagat ozal uçarlar Taiz şäherindeki parahat ilatyň öýlerini hem bombalap, azyndan 15 adamy öldüripdirler.

Ýemeniň bosgunlykdaky prezidenti Abu-Rabbu Mansur Hadini goldaýan saudlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa howa zarbalarynda parahat ilaty öldürmekde ençeme gezek tankytlanypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG