Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowada prezidentlik saýlawlary geçýär


Moldowadaky saýlawlar. 30-njy oktýabr, 2016 ý.
Moldowadaky saýlawlar. 30-njy oktýabr, 2016 ý.

Moldowada soňky 20 ýylyň içinde ilkinji gezek prezidentlik saýlawlary geçirilýär.

Bu saýlawlara Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn gatnaşyklary isleýänler bilen rus prezidenti Wladimir Putine ýykgyn edýänleriň arasyndaky bäsdeşlik hökmünde garalýar.

Sosialist Igor Dodonyň köp saýlaw uçastoklarynda öňde barýandygy habar berilýär. 41 ýaşly ykdysadyýetçi Dodon ýurduň Ýewropa integrasiýasyna tarap ugruny üýtgetmegi göz öňünde tutýar.

Onuň esasy garşydaşy ozalky bilim ministri, Hereket we Raýdaşlyk partiýasynyň başlygy Mariýa Sandudyr. Ol Ýewropa Bileleşigine agza bolmak üçin zerur reformalary geçirmäge ygrarly bolup durýar.

Moldowa Ýewropanyň iň garyp ýurtlarynyň biridir. 1996-njy ýyldan bäri ýurduň prezidenti kanunçykaryjylar tarapyndan saýlanýardy.

XS
SM
MD
LG