Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada aktýor Wladimir Zeldin ýogaldy


Wladimir Zeldin

Russiýanyň häzire çenli hem çykyş edip gelen, iň ýaşuly aktýory – Wladimir Zeldin aradan çykdy. 101 ýaşly Zeldin Moskwanyň keselhanasynda ýogaldy.

Keselhana resmileri Zeldiniň soňky üç hepde bäri ýokary gan basyşyndan bejergi alandygyny aýtdylar.

Zeldiniň duşenbe güni, ýerli wagt bilen ir sagat 09:00-da aradan çykandygy aýdyldy.

Uly ýaşyna garamazdan, Zeldin Russiýanyň Armiýasynyň Merkezi Akademik teatrynyň iň esasy aktýorlarynyň biri bolupdy.

XS
SM
MD
LG