Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowada saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň geçirilmegi mümkin


Moldowaly bir zenan ses berýär.

Deslapky netijeleriň görkezmegine görä, Moldowada barýan prezidentlik saýlawy iki bäsdeş arasynda başa-baş ýaryşa barjaga meňzeýär.

Sesleriň 99 prosente golaýy sanaldy. Onuň 48.7 prosentini gazanan Moskwadan tarapdarlyk edýän Sosialistik partiýanyň kandidaty Igor Dondon.

Dondon 13-nji noýabrda başa-baş saýlawa girmejek bolsa, oňa sesleriň azyndan 51 prosenti gerek.

Dondonyň esasy bäsdeşi Ýewropa Bileleşiginiň tarapyny çalýan Hereket we raýdaşlyk partiýasynyň kandidaty Maia Sandu. Sandu sesleriň 37.9 prosentini aldy.

6 prosent bilen häzir iň yzda duran “Biziň partiýamyz” atly partiýanyň kandidaty Dmitri Çiubsenko.

Ses berişlige saýlawa hukukly ilatyň takmynan 49 prosenti gatnaşdy. Saýlawyň kanuny hasaplanmagy üçin bolsa 33 prosent gerekdi.

30-njy oktýabrda geçen saýlaw Moldowlaryň 20 ýyldan bärde öz prezidentlerini göni saýlamak üçin geçiren ilkinji saýlawy bolup durýar.

Bu saýlawa, esasan, Ýewropa Bileleşigine goşulmagy goldaýanlar bilen Orsýetiň tarapyny çalýanlaryň arasynda barýan güýç synanyşygy diýip garalýar.

41 ýaşly ykdysadyýetçi Dondon ýurdy Ýewropa Bileleşigi bilen 2014-nji ýylda baglaşylan Assosiýasiýa ylalaşygyndan çykaryp, Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa ykdysady bileleşigine goşjakdygyny aýtdy.

Öňki magaryf ministri, Hereket we raýdaşlyk partiýasynyň başlygy Sandu bolsa Brýusseliň Assosiýasiýa ylalaşygyndan peýdalanyp, Ýewropa Bileleşiginiň agzalyk üçin zerur diýýän reformalaryny ilerletmegi maksat edinýär.

“Netijeler nähili bolsa-da, biz syýasy gatlagy üýtgetmek isleýäris we bu proýekti dowam etdireris” diýip, Sandu 30-nji oktýabrda ses berişlik tamamlananyndan soňra aýtdy.

Ol soňra hem: “Men üýtgetmek diýip, hakyky üýtgetmegi göz öňünde tutýaryn” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Saýlaw komissiýasy ses berişlige Moldowadan 3200 adamyň we daşary ýurtlardan hem 562 adamyň gözegçilik edendigini bildirdi.

Ýöne Moldowanyň hökümete degişli däl guramasy Promo-leksiň işgäri Pawel Postika gözegçileriň 10-12 ýerde saýlaw prosesine synçylyk edip bilmändigini aýtdy.

“13-den gowrak saýlaw merkezi barada biz gaty aladalanýarys. Ses berişlik prosesine gözegçilik etmekde biziň gözegçilerimiz, şeýle hem beýleki guramalaryň gözegçileri problema bilen ýüzbe-ýüz boldular” diýip, Postika žurnalistlere aýtdy.

Ol: “Gözegçilerimiz beýleki 2017 saýlaw merkezinde boldular, bu ýerlerde hiç bir problema bolmady” diýdi.

30-nji oktýabr saýlawyna Moldowanyň separatistik regiony Transdniestriň hem käbir ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG