Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen manadynyň girizilenine 23 ýyl boldy


Türkmenistanyň milli puly manadyň täze we köne görnüşleri hem amerikan dollarlary
Türkmenistanyň milli puly manadyň täze we köne görnüşleri hem amerikan dollarlary

1-nji noýabr türkmen manadynyň dolanyşa girizilen güni.

Türkmen manady – milli walýuta 1993-nji ýylda, 23 ýyl mundan ozal dolanyşa girizilipdi. Ondan ozal ýurtda sowet we rus rubllary ulanylypdy.

2009-njy ýylda Türkmenistanyň milli pulunyň reformasy geçirilip, denominasiýa, ýagny puluň hümmetine gaýtadan garalmagyň netijesinde onuň hümmeti ýokarlandy we puluň ýüzünden öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň suratlarynyň ýerine taryhy şahsyýetleriň we ýadygärlikleriň suraty goýlup başlady.

Munuň yz ýany daşary ýurt walýutasy babatynda döwlet tarapyndan kesgitlenen kurs girizildi. 2015-njy ýylyň başyndan bäri türkmen manadynyň amerikan dollaryna bolan gatnaşygynyň resmi kursy 3,5 manat boldy. 2016-njy ýylyň başyndan bäri puluň nagt çalşygy doly ýatyryldy. Şu günki gün türkmen manadynyň gara bazarda, ýagny elden satyn alynýan bir amerikan dollarynyň nyrhy 7-8 manat aralygynda.

Eýse, garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda türkmen manady we onuň bilen bagly özgerişlikler ilatyň durmuşynda nähili orun tudy? Ol ilatyň durmuş ýagdaýyna nähili täsir ýetirdi?

Azatlyk Radiosy türkmenistanly synçy, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Türkmen manadynyň girizilenine 23 ýyl boldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:53 0:00


XS
SM
MD
LG