Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Owganystanda aýal-gyzlar ýaraglandy


Demirgazyk Owganystanda aýal-gyzlar ýaraglandy.
Demirgazyk Owganystanda aýal-gyzlar ýaraglandy.

Demirgazyk Owganystanda “Arbaki” atly ýarym resmi ýerli ýaraglylar jeňçilere garşy göreş alyp barýar. Soňky günlerde halk hem jeňçilere garşy herekete başlady. Aýal-gyzlaram eline ýarag aldy.

Demirgazyk Owganystanyň welaýatlarynda türkmenler hem özbekler kowçumlykda ýaşaýarlar. Jöwüzjan welaýatynyň Derzap we Goşdepe atly etrabynda ‘Yslam döwleti’ atly ýaragly topary ençeme raýat adamlaryny öldüripdirler. Olaryň maşgalalary jeňçilere garşy göreş üçin, eline ýarag almaga mejbur bolupdyr.

Jöwüzjan welaýatynda onlarça eli ýaragly aýallar DAEŞ (Yslam döwleti) jeňçilere garşy göreşe başladylar. Ýaragly aýallar onlarça DAEŞ jeňçisini uruşda öldürdiler. Welaýatyň Derzap etrabynyň häkimi Rähmetulla Haşar 34 özbek zenanynyň DAEŞ jeňçilerine garşy söweşýändigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.

– Aksaý, Kömürli, Horşap, Serdere, Täçjuwaz atly sebitlerde ‘Yslam döwleti’ atly toparyň söweşijileri hereket edýär. Ýaragly aýallar bilen DAEŞ-çileriň arasynda çaknyşyk boldy. Çaknyşykda jeňçiler uly ýitgi çekdi. Ol sebitden yzyna çekilmäge mejbur boldy. Aýal ýaraglylaryň ýolbaşçylygynda etrapda jeňçilere garşy göreş dowam edýär – diýip, häkim belledi.

Wise prezident general Dostum Demirgazyk Owganystanda halky jeňçilere garşy göreşe çagyrdy. Şonuň üçin Farýap, Serpul we Jöwüzjan welaýatlarynda ýaşaýan ilatyň arasyndan käbiri eline ýarag aldy.

Jöwüzjan welaýatynyň welaýat geňeşiniň agzasy, deputat hanym Halima Sadapyň aýdyşyna görä, Derzap etrabynda owgan güýçleriniň sany az bolmaly.

– Şol sebäpden etrapda aýal-gyzlaram eline ýarag alypdyr. Jeňçilere garşy göreş üçin her öýden biri-ikisi çykyp, bilini baglapdyr. Etrapda eli ýaragly aýal-gyzlar bilen jeňçileriň arasynda gazaply söweş boldy. Ýaragly aýallar DAEŞ jeňçilerine uly zarba urdy – diýip, deputat hanym Halima aýdýar.

Jöwüzjan welaýatynda on etrap bar. Olardan üç etrap Türkmenistan bilen serhetleşýär. Etraplaryň ählisinde-de ýerli ýaraglylar jeňçilere garşy göreşýärler. Jöwüzjan welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili Muhammet Reza Gapurynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Derzap etrabynda onlarça asuda ilaty DAEŞ ýargalgylary öldüripdir.

– Olaryň maşgalalary DAEŞ-çilere garşy ýaraglanmaly bolupdyr. Ýaragly aýallar jeňçilere garşy söweşini dowam etdirýär. Otuza golaý DAEŞ ýaraglysy öldürildi. Aýal-gyzlar harby postlarda gije-gündiz nobatçylyk çekýär – diýip, Gapury aýdýar.

Aýal ýaraglylara hökümetiň ýardam edýändigini hem Gapury nygtady. Olaryň ok-ýarag bilen üpjün edilýändigini aýdyp, sözüni şeýle jemledi: “Aýal ýaraglylara harby ugurdan tälim berilýär. Olar öz oba etrabyny jeňçilerden goraýar”.

XS
SM
MD
LG