Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ABŞ-ly aktýor Stiwen Sigala rus raýatlygyny berdi.
Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow 64 ýaşly Sigal “eýýäm uzak wagtdan bäri rus raýatlygyny almak ugrunda tagalla edip geldi” diýip, belledi.
“Ol biziň ýurdumyza mähir bilen garaýandygy bilen bellidir. Ol muny hiç haçan gizlejek hem bolmandy. Üstesine-de ol belli aktýor. Bu onuň rus raýatlygyna kabul edilmegine esas berýär” diýip, Peskow sözüne goşdy.
Sigal Putini öwüp, soňy bilen hem rus raýatlygyny alan günbatarly belli adamlaryň iň soňkusydyr. Mundan öň, Kreml fransuz aktýory Žerard Depardieue we ABŞ-ly boksçy Roý Jons Juniora hem rus raýatlygyny beripdi.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!