Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda düzgüni bozan sürüjileriň jerimesi ýokarlandy


Polisiýa we awtoulag sürüjisi.
Polisiýa we awtoulag sürüjisi.

Türkmenabatlylaryň aýtmagyna görä, esasanam ýokary tizlik çäklendirmesini bozan sürüjiler üçin salynýan jerimäniň möçberi öňküsinden tas dört esse ýokarlandy. Meselem, öň iň pes jerimäniň möçberi 25 manat bolsa, indi bu 100 manada ýetdi. Düzgüni ikinji gezek bozan sürüjilere 900 manat möçberinde jerime salynýar.

Ýokary tizlik bilen bilelikde, awtoulagyny ýalňyş ýerde goýan sürüjilere garşy salynýan jerimäniň möçberi hem ep-esli ýokarlandy. Sürüjileriň aýtmagyna görä, jerimäniň möçberiniň galdyrylmagy şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky günlerinde girizilen täze düzgün bilen baglanyşykly.

Şol bir wagtyň özünde, bu täze düzgün we ondaky jerimeleriň sanawy barada henize çenli resmi mediada halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmedi. Bu täze düzgün we düzgüni bozan sürüjilere salynýan jerimäniň möçberiniň ýokarlanandygyny türkmenabatlylar öz jerimesini tölemäne baran mahaly bilip galýarlar.

“Ynha men saňa aýdýaryn”

“Ýakynda men Türkmenabat şäher polisiýa ýol gözegçilik gullugyna baranymda, jerimäniň möçberiniň ýokarlanandygyny aýtdylar. Men resmilere bu barada hiç hili bildiriş edilmedi diýsem, ‘ynha men saňa aýdýan’ diýdi” diýip, 35 ýaşlaryndaky türkmenabatly Hemra aýdýar.

Düzgün bozan sürüjilere garşy salynýan jerimäniň möçberi geçen aý artdyrylan bolsa-da, mundan birnäçe aý ozal düzgün bozan sürüjilerden hem täze jerimäniň esasynda töleg alynýandygyny käbir adamlar gürrüň berýärler.

“Geçen aýyň başynda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri maňa jerime ýazdylar. Mary welaýatyna işim bilen gidipdim, emma sürüjilik şahadatnamam gelýänçä bir aý wagt geçdi, indi bolsa maňa 25 manatlyk jerimäni 100 manat diýýärler” diýip, türkmenabatly sürüji Hemra gürrüň berýär.

Häzirki düzgüne görä, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri ýol hereket kadalaryny bozanlaryň sürüjilik şahadatnamasyny alyp galýar we ýerine bir aý möhletli wagtlaýyn sürüjilik şahadatnamasyny berýärler.

Eger sürüjiler ýaşaýan ýerinden uzakda saklanan bolsa, onda onuň şahadatnamasy sürüjiniň ýaşaýan ýerindäki ýol gözegçilik edarasyna bir aýyň dowamynda ugradylýar. Kähalatlarda bolsa şahadatnamanyň gelmegine bir aýdan-da gowrak wagt garaşmaly bolýarlar. Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bolsa jerimäniň möçberini tölejek wagtyňdaky düzgüne görä kesgitleýärler.

“Jerime artdyrylýar, emma ýollara ideg edilmeýär”

Türkmenabatda düzgün bozan sürüjilere salynýan jerimäniň möçberiniň ýokarlanmagy, adaty adamlar bilen bir wagtda, gün-güzeranyny hususy taksiçilik bilen aýlaýan sürüjileri hem alada goýýar.

“Halkda häzir pul ýok, öňki 3-4 manatlyk ýerlere taksi saklaýan adamlar iki manat bersem bolýarmy diýip durlar. Alaçsyz mündürýäň, ýogsa başga biri alyp gidýär. Taksiçilik güzerany gün-günden kynlaşýar, üstesine ýene jerimeler galdy. Bar gazanjyňy indi jerime töläp geçirmelimi?” diýip, 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly ildeşimiz Azamat soraýar.

Türkmenabatlylaryň käbirleri düzgüni bozan sürüjilere salynýan jerimäniň möçberiniň artdyrylmagyny bir tarapdan ýol hadysalarynyň öňüni almak üçin edilýän tagalla diýseler, beýleki tarapdan sürüjilerden pul almagyň ýene bir görnüşi diýip düşündirýärler.

“Häzirki wagtda biziň ýollar ýaramaz ýagdaýda. Bu hili ýollarda isleseň-islemeseň ýol hereket kadalary bozular. Ony oňaraýyn diýenoklar. Emma jerimäni bolsa artdyryp barýarlar” diýip, türkmenabatly sürüji Sapar aýdýar.

Jerimeleriň ýokarlanmagy bilen häzirki wagtda ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň elleri radarly ýollarda durandygyny köp görse bolýar. Hususan-da, bu ýagdaý welaýat aralaryndaky ýollarda göze ilýär.

Ýol hereketiniň jerimeleriň galmagy ýylda diýen ýaly gaýtalanýar. Soňky gezek düzgün bozan sürüjilere salynýan jerimeler bir ýyl ozal ýokarlandyrylypdy, emma onuň möçberi häzirki bilen deňeşdirilende ujypsyzdy.

XS
SM
MD
LG