Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Krymda ukrain ‘diwersant toparynyň’ şübheli agzalary tutuldy


Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugy (FSB). Arhiwden alnan surat.
Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugy (FSB). Arhiwden alnan surat.

Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugy (FSB) Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krym sebitinde ukrain “diwersant toparynyň” agzasydygy güman edilýän adamlaryň ele salnandygyny aýdýar.

10-njy noýabrda ýaýradylan beýanatda aýdylmagyna görä, 9-njy noýabrda Sewastopol şäherinde “Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň esasy aňtaw direktoratyndan diwersant-terrorist toparyň agzalary tussag edildi”.

Federal Howpsuzlyk Gullugynyň maglumatyna görä, bu topar “harby desgalara we jemgyýetçilik infrastrukturalaryna sabotaž aktlaryny amala aşyrmagy planlaşdyrypdyr. Maglumatda olarda aragatnaşyk esbaplarynyň we “güýçli partladyjy serişdeleriň, ýaraglaryň” bolandygy mälim edilýär.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň aýyplamalaryny ret edip, bu “Russiýanyň ýerli ýaşaýjylara garşy amala aşyrýan öz repressiw çärelerini aklamak we halkara arenasynda Ukrainanyň adyny garalamak maksady bilen edýän nobatdaky toslamalary” diýdi.

XS
SM
MD
LG