Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da müňlerçe adam Trampyň ýeňşine garşy protest geçirdi


ABŞ-da Trampa garşy protest geçirildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:27 0:00

ABŞ-da Trampa garşy protest geçirildi

Donald Trampyň garaşylmadyk ýagdaýda prezidentlige saýlanmagyna garşy müňlerçe adam Birleşen Ştatlaryň Bostondan tä Los-Anjelese çenli bolan dürli şäherlerinde 9-njy noýabrda protest geçirdiler.

Kä ýerlerde köçelerde gatnawyň kesilmegine sebäp bolan, köplenç, parahatçylykly protestçiler anti-Tramp şygarlaryny göterip, Respublikan partiýasyna degişli bu emläk tütjaryny immigrantlary, musulmanlary we beýleki azlyk toparlary basyş astynda saklamak barada beren wadalary üçin, ýiti tankyt astyna aldylar.

Nýu-Ýorkda müňlerçe protestçi Manhattanyň köçelerine dökülip, Trampyň 5-nji köçedäki öýüne tarap ýöriş etdiler. Ýene ýüzlerçe adam Manhattanyň seýil bagyna ýygnanyp, “Meniň prezidentim däl” diýip gygyryşdylar.

Çikagoda hem şäheriň merkezinde 1800-e golaý adam Halkara Tramp myhmanhanasynyň we Diňiniň öňünde “Trampa ýol ýok! KKK ýol ýok! Jynsparaz ABŞ ýol ýok” diýip gygyryşdylar.

“Saýlaw kollegiýasyny ýatyryň”

Bostonda hem müňlerçe protestçi köçelerde aýlanyp, “Tramp jynsparaz” diýip gygyryşdy. Olaryň ellerinde bolsa “Trampy impiç ediň”, “Saýlaw kollegiýasyny ýatyryň” diýen plakatlar bardy.

Sietlde Trampa garşy protestleriň golaýynda ok atylyp, birnäçe adamyň pida çekendigi habar berildi. Ýöne polisiýa ol ok atyşyk demonstrasiýalar bilen ilteşikli däl diýýär.

Protestleriň turan ýeri esasan Trampyň demokratik garşydaşy Hillari Klintona köpçülikleýin ses berlen kenarýaka şäherleri boldy, ýöne Trampyň täsiriniň güýçli ýerleri bolan Riçmond, Wirjinia, Omaha, Nebraska we Kansas şäherinde-de demonstrasiýalar ýüze çykdy.

Polisiýa Tehasyň merkezi Ostinde hem 400-e golaý adamyň köçelerde ýöriş geçirendigini aýtdy.

Protestler

Protestçileriň ilkinji nobatda nägilelik bildirýäni Trampyň Birleşen Ştatlara bikanun gelýän immigrantaryň öňüni almak üçin, Meksiko bilen bolan serhede diwar çekjek diýip, saýlaw kampaniýasynda beren wadasy.

Waşingtonda ýöriş geçirenler Tramp halkara myhmanhanasynyň öňünde durup, öz nägileligini bildirdiler. Ýene bir topar Ak tamyň öňüne ýygnandy. Olar şem ýakyp, sözlenen sözleri diňlediler, aýdym aýtdylar.

Waşingtonyň Amerikan uniwersitetinde bolsa demonstrantlar Birleşen Ştatlaryň baýdagyny otlady.

Filadelfiýada, Bostonda, Portlendde, Oregonda hem ýüzlerçe adam ýygnandy. Protestleri gurnanlar özleriniň 10-njy noýabrda San-Fransiskoda, Los-Anjelesde, Oaklendde we Kaliforniýada hem protest geçirmegi planlaşdyrýandyklaryny aýtdylar.

Trampyň kampaniýasy tarapyndan protestlere entek jogap ýok. Tramp 9-njy noýabrda ýeňiş gazananyndan soňra eden çykyşynda, özüniň ähli amerikanlylara prezident boljakdygyny aýdyp: “Biziň hemmämiziň agzybir halk bolup ýygnanmagymyz üçin wagt boldy” diýdi.

Ýigrenji haýsy formada hem bolsa ýazgarýar”

Üstümizdäki aýyň başlarynda hem onuň kampaniýasy Ku Kluks Klan gazeti tarapyndan goldaw berilmegini: “Jenap Tramp we onuň kampaniýasy ýigrenji haýsy formada hem bolsa ýazgarýar” diýip ret etdi.

Protestlere mekdep okuwçylary, mugallymlar we studentler-de gatnaşdylar. Mysal üçin, Sietlde, Foniksde we Los-Anjelesde ýüzlerçe mekdep okuwçysy ýöriş geçirdi.

Esasan ispan asylly studentlerden durýan 300 töweregi protestçi Los-Anjelesde klaslardan çykyp, ispan dilinde: “Agzybir halk hiç haçan ýeňilmez” diýip gygyryşdylar. Olaryň ellerinde ýüzüne “Jynsparazlyga goldaw ýok, meniň prezidentim däl”, şeýle hem “Immigrantlar Amerikany beýgeldýär” diýip ýazylan plakatlar bardy.

Bu studentleriň aglabasy ene-atalary tarapyndan Birleşen Ştatlara bikanun getirilenler. Mekdep işgäriniň aýtmagyna görä, olar Trampyň administrasiýasy özlerini ýurtdan kowar diýip gorky edýärler.

Demonstrasiýalar esasan parahatçylykly geçdi.

XS
SM
MD
LG