BMG “Yslam döwleti” toparynyň Mosulda, Yragyň demirgazyk şäherinde onlarça adamy jezalandyryp öldürendigini aýdýar.
Hökümet güýçleri bu şäheri ekstremistlerden yzyna almak ugrunda söweş gurýar.
BMG-niň Adam hukuklary komissarlygy YD jeňçileriniň 8-nji noýabrda, Yragyň hökümet güýçleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýyplap, 40 adamy jezalandyryp öldürendigini aýtdy. Olaryň jesetleri birnäçe ýerde elektrik sütünlerinden asylyp goýuldy diýip, BMG-niň edarasy çeşmelere salgylanyp aýdýar.
11-nji noýabrdaky beýanatda aýdylmagyna görä, YD jeňçileri öz bellän sudlarynyň karary esasynda adam öldürmegi dowam etdirýäne meňzeýär.
BMG, bu 40 adamdan başga, asuda ilata degişli ýene bir 20 adamyň 9-njy noýabrda, Mosuldaky Ghabat harby bazasynda atylyp öldürilendigini aýtdy.