Pentagon janyndan geçen bombaçynyň NATO-nyň Owganystanyň Bagram howa bazasyna hüjüm edip, dört amerikalyny öldürendigini, ençeme adamy bolsa ýaralandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň beýanatynda 12-nji noýabrda bolan partlamanyň ABŞ-nyň iki sany harby gullukçysyny we iki sany şertnamaçysyny öldürendigi, 16 sany amerikan harbysyny bolsa ýaralandygy aýdylýar.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bu hüjümi ýazgarmak bilen, ony «ýigrenji we namart hüjüm» diýip atlandyrdy.
Ol 13-nji noýabrda Nýu-Zelandiýada žurnalistleriň öňünde gürläp, ABŞ-nyň Owganystandaky missiýasynyň «bu hili indiwidual hereketler esasynda öňüniň alnyp bilinmejegini» aýtdy.
Bu hüjümde bir polýak esgeri hem ýaralandy.