Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowanlar aýgytly prezident saýlawynda ses berýär


Prezidentlige kandidatlar Igor Dodon (S) we Maia Sandu, TW çekişmesinde
Prezidentlige kandidatlar Igor Dodon (S) we Maia Sandu, TW çekişmesinde

Moldowanlar prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda, ýurduň Orsýete ýa Ýewropa Bileleşigine ýakynlajagyny aňlatjak aýgytly saýlawda ses berýärler.

Sosialist partiýanyň lideri we kommunist hökümetiň söwda ministri bolan Igor Dodon geçen aýdaky saýlawlaryň birinji tapgyrynda ikinji bolan Maia Sandudan 10 dereje öňde geldi. Emma ol sesleriň aglaba köplügini gazanyp bilmedi we 13-nji noýabrdaky ikinji tapgyr bäsleşige çykmaly boldy.

Bütindünýä bankynyň ozalky ykdysatçysy we bilim ministri Sandu Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn gatnaşyk gurmaga çagyrdy we Moldowanyň esasy energiýa üpjünçisi bolan Orsýet bilen ykdysady ýakynlaşmanyň howpludygyny duýdurdy.

Ol Kişinýowda ses bereninden soň, "Men medenilige, hakykata, dogruçyl işe, bilime we mertebä ynanýan adamlar üçin ses berdim" diýdi.

Dodon 13-nji noýabrda Kişinýowda ses bereninden soň, özüniň «birleşen, garaşsyz we özygtyýarly» Modowa üçin, «Moldowa respublikasyny ýykmak isleýänleriň bolsa garşysyna» ses berendigini aýtdy.

"Moldowadaky durmuş-ýaşaýyş çekip-çydar ýaly bolmady, biziň Orsýet bilen hyzmatdaşlygymyz weýran edildi, biz ägirt uly bazary ýitirdik" diýip,Dodon golaýda sözlän kampaniýa sözünde aýdypdy.

Men medenilige, hakykata, dogruçyl işe, bilime we mertebä ynanýan adamlar üçin ses berdim.
Maia Sandu

Dodon ýurduň Ýewropa bilen integrirlenmek hereketini, şol sanda 2014-nji ýylda baglaşylan taryhy assosisiýa şertnamasyny yzyna dolamak isleýär. Orsýet şonda bu şertnamanyň baglaşylmagynaberk garşy durupdy.

Bu saýlaw 1997-nji ýyldan bäri, prezidentiň parlament tarapyndan däl-de, milli saýlaw esasynda seçilýän ilkinji saýlawy bolup durýar.

Pikir soraýyşlar Dodonyň ikinji tapgyr saýlawda Sandudan 8-10 dereje öňde barýandygyny görkezdi.

Ses berişlik ýurduň 1,981 saýlaw uçastogynda ýerli wagt bilen ir sagat 7-de başlandy. Daşary ýurtlarda hem onlarça saýlaw uçastogy açyldy.
Saýlaw resmileri ses berişlik başlananyndan alty sagat soňra saýlawlara gatnaşygyň 30 prosent bolandygyny aýtdylar.

Saýlaw prosesine gözegçilik etmek üçin ýüzlerçe halkarasynçysy Moldowa geldi.

Kişinýowda bir saýlawçy Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna indiki prezidentiň «ýurduň abadançylygy, jemgyýeti, adamlary, syýasy ynançlaryna garamazdan,birleşdirmek üçi işlemegine garaşýandygyny aýtdy.

"Men ýagdaýlaryň üýtgemegini isleýärin, emma men biraz pessimist” diýip, beýleki bir saýlawçy aýtdy.

“Men telewizorda kandidatlaryň bir-birini masgaralaýyşlaryny gördüm we maňa olaryň maksatlarynyň nämedigine hem düşünmek kyn boldy» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

3.5 million ilatly we Ýewropanyň iň garyp ýurdy bolan Moldowadaky ýagdaý 2014-nji ýylyň aýagynda bulaşdy. Şonda ýurduň üç bankyndan 1 milliard amerikan dollaryna golaý serişde ýitirim bolupdy. Bu ýurduň jemi içerki önüminiň tas 10 prosentine barabar serişdedi.

Moskwa, 2014-nji ýylda Ukrainada bolşy ýaly, Moldowa hem Ýewropa Bileleşigine tarap süýşer öýdüp howatyr edýär.

Orsýet bu ýurtda, ýagny onuň esasan rus dili we gysga wagtlyk uruşdan soň Moldodowdan bölünen Transdniýester, Pridnestrowýa sebitinde, dawaly ýagdaýda hem bolsa, müňläp esger saklaýar. Şol uruşda birnäçe ýüz adam wepat bolupdy.

Orsýet bu ýurtda şindi hem saklaýan goşun kontingentini bu territoriýadaky parahatçylygy üpjün edijiler hökmünde häsiýetlendirýär.

Sandu Orsýetiň bu ýerdäki goşunlaryny yzyna çykarmagyna çagyrdy.

Pikir soraýyşlar ýurtda bolan bank krizisiniň moldowanlaryň köpüsiniň ýewropa integrasiýasy babatdaky höwesini peseldendigini görkezýär. Bu krizis Ýewropa Bileleşigi bilen Halkara Walýuta fondunyň hem Moldowa berýän maliýe kömegini togtatmagyna getirdi.

Emma muňa garamazdan, Halkara pul fondy hepdäniň başynda Moldowa, ikinji tapgyr prezident saýlawlarynyň öň ýanynda 180 million amerikan dollaryna golaý karz pul berjegini tassyk etdi.

Prezident saýlawlarynyň ilkinji deslapky netijeleriniň 14-nji noýabrda, irden peýda bolmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG