Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň merkezine edilen hüjümde alty adam öldi


Yrakda bolan partlamalaryň biri.
Yrakda bolan partlamalaryň biri.

Yragyň merkezinde janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminde azyndan alty adam öldi diýip, resmiler aýdýarlar.

Yragyň Içeri işler ministrligi janyndan geçen bombaçynyň 14-nji noýabrda Ain al-Tamer şäherçesinde özüni partladandygyny aýtdy. Bu waka howpsuzlyk güýçleri hüjümçiniň bäş sany ýaranyny öldürip, onuň daşyny gabawa alandan soň boldy.

Partlamanyň netijesinde başga-da alty adam ýaralandy.

Ain al-Tamer şäherçesi şaýylaryň mukaddes Karbala şäheriniň 50 kilometr günbatarynda ýerleşýär.

Bu hüjüm 14-nji noýabrda Yragyň şaýy jemgyýeti Muhammet pygamberiň agtygy Ymam Hüsseýin üçin tutulýan 40 günlük ýasyň soňlanmagyny bellemäge taýýarlyk görýän mahalyna gabat geldi.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG