Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam pidasyna getiren “atly ýöriş”


Ýöriş 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda, Aziýa oýunlarynyň açyljak gününde tamamlanar.
Ýöriş 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda, Aziýa oýunlarynyň açyljak gününde tamamlanar.

Aziýa oýunlaryna gabatlap, 500 günlük atly ýörişe çykan atlylary Daşoguzda garşylamak üçin geçirilýän dabaralar sebäpli, azyndan iki adamyň ölendigi barada maglumatlar gowuşýar.

Azatlyk Radiosynyň ýurduň demirgazyk welaýatyndaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, geçen aýyň başynda, Balkandan gelýän atlylary garşylamak üçin, Gaplaňgyr goraghanasynyň golaýyndan geçýän “Altyn Asyr” kölüniň boýunda gurnalan dabarada, Akdepe etrabynyň ýaşaýjysy, 72 ýaşly Kakamyrat aga heläk bolupdyr.

Ýatladyp geçsek, gürrüňi gidýän çäreden bir gün öň welaýatyň býujet işgärleriniň, şol sanda mugallymlaryň we lukmanlaryň ençemesi – hiç hili amatlyklar göz öňünde tutulmadyk ýagdaýda – çygly we sowuk howada, gijäni çölüň içinde geçirmeli bolupdylar.

Daşoguzlylar atlylary "şowhun bilen" garşyladylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:44 0:00

Kakamyrat aga bilen bir awtobusda çäräniň geçmeli ýerine baran ýolagçylaryň aýtmagyna görä, ozal hem hökümet derejesinde gurnalýan dabaralara ýygy-ýygydan gatnaşyp gelýän Kakamyrat aga ençeme sagada çeken ýolda özüni erbet duýup başlandygyny aýdyp, saglyk ýagdaýyndan şikaýat edipdir.

Wakanyň şaýatlary degişli jogapkär guramaçylaryň Kakamyrat aganyň üstüne “Derde ýaramasaň, deregiňe başga birini alyp gaýdardyk” diýip, gygyrandyklaryny, şeýle-de bir salymdan soň Kakamyrat aganyň ýokary gan basyşy sebäpli ýogalandygyny gürrüň berdiler.

Daşoguzda ýüz gün ýöremeli atlylary garşylamak boýunça geçirilen başga bir çäre sebäpli welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 49-njy mekdebiniň müdiri Akmyrat aganyň hem ýogalandygy barada, sebitdäki çeşmelerimiz maglumat berýärler.

Merhumyň ýakynlarynyň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň bermegine görä, ozal hem ýokary gan basyşyndan we demgysmadan ejir çekýän Akmyrat aga dabarada uzakly gün aýak üstünde durup, soňra özünden gidipdir.

Mundan soň, Akmyrat agany Ruhybelent etrabyndaky hassahanalaryň birine ýerleşdiripdirler. Adynyň tutulmazlygyny soran hassahananyň işgärleriniň biri Akmyrat aganyň bir hepdeden soň, agyr ýagdaýda hossarlaryna gowşurylandygyny we onuň öýünde jan berendigini gürrüň berdi.

Ýokarky wakalar boýunça Daşogzuň degişli welaýat we etrap häkimliklerinden nähilidir bir kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Galyberse-de, döwlet mediasynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli şu ýylyň 5-nji maýynda başlanan ýöriş bilen baglanyşykly uly şowhunly, saz dabaraly çäreler görkezilse-de, bu çärelere ençeme gün öňünden görülýän taýýarlyklar we boldy diýilýän pajygaly wakalar dogrusynda hiç hili maglumat berilmeýär.

Ýöriş 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda, Aziýa oýunlarynyň açyljak gününde tamamlanar.

XS
SM
MD
LG