Russiýanyň aragatnaşyk gullugy ýurduň Internet prowaýderlerinden “LinkedIn” websaýtyny böwetlemegi resmi taýdan talap etdi.
“Roskomnadzor” aragatnaşyk gullugynyň 17-nji noýabrda beren maglumatyna görä, ýurduň sudy bu websaýtyň Russiýadaky serwerlerde rus raýatlarynyň şahsy maglumatlaryny saklamaga rugsat berýän kanuna gabat gelmeýändigi barada karar çykarandan soň, bu çäre amala aşyrylýar.
10-njy noýabrda Moskwanyň sudy “LinkedIn” websaýtynyň bu karara garşy eden şikaýatyny ret edipdi.
Russiýanyň “Roskomnadzor” aragatnaşyk gullugynyň metbugat wekili “Interfax” neşirine beren maglumatynda “LinkedIn” kompaniýasynyň bu mesele boýunça resmiler bilen gepleşikleri geçirmegi sorandygyny aýtdy.
Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok