Gazagystanyň häkimiýetleri özüniň öňki üç olimpia türgeniniň medallaryndan mahrum edilendigini, muňa olaryň Halkara Olimpia komitetiniň (HOK) geçiren barlaglarynda şowsuz bolmagynyň sebäp bolandygyny aýtdylar.
17-nji noýabrda Gazagystanyň Olimpia komiteti agyr atletikaçy Irina Nekrasowanyň 2008-nji ýylda Pekinde gazanan kümüş medalyndan mahrum edilendigini mälim etdi.
Şeýle-de, agyr atletikaçy Maria Grabowetskaýa we göreşçi Aset Mambetow hem şol ýyly gazanan bürünç medallaryndan mahrum edildiler.
Halkara Olimpia komitetiniň geçiren gaýtadan barlamak kampaniýasyndan soň, gazagystanly olimpia türgenleriniň başga-da ençemesi oýunlardan daşlaşdyrylypdy.