Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawaz Şarif iki günlük resmi sapar bilen Aşgabada sapar eder


Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif.
Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif.

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif iki günlük resmi sapar bilen 25-nji noýabrda Aşgabada barýar diýip, habar agentlikleri aýdýarlar.

Pakistanyň “The Dispatch News Desk” atly neşiriniň 24-nji noýabrda ýaýradan maglumatyna görä, Şarif türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy esasynda türkmen paýtagtyna sapar edip, ol ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän Durnukly transport ulgamy boýunça birinji ähliumumy konferensiýa gatnaşar.

Bu konferensiýa 1,500-e golaý adamyň, şol sanda döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň, ministrleriň, raýat jemgyýetçiliginiň liderleriniň we BMG-niň resmileriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Nawaz Şarifiň Türkmenistana etjek saparynyň dowamynda onuň türkmen lideri bilen hem ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegine garaşylýar.

Onuň bu saparynyň 26-njy noýabrda tamamlanjakdygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG