Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew paýtagta adynyň dakylmagyna göwnemeýär


Nazarbaýew «Astanany hemme kişi bilýär, bu bir marka, şu sebäpden paýtagtyň adyny üýtgetmek zerurlygy ýok» diýdi. 
Nazarbaýew «Astanany hemme kişi bilýär, bu bir marka, şu sebäpden paýtagtyň adyny üýtgetmek zerurlygy ýok» diýdi. 

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ýurduň paýtagt şäheri Astananyň adyny üýtgetmegiň gerek däldigini aýtdy.

Gazak parlamenti Astananyň adyny üýtgedip, oňa prezidentiň adyny dakmagy teklip edýär.

Nazarbaýew 25-nji noýabrda çap edilen söhbetdeşliginde «Astanany hemme kişi bilýär, bu bir marka, şu sebäpden paýtagtyň adyny üýtgetmek zerurlygy ýok» diýdi.

Gazak kanun çykaryjylary 23-nji noýabrda paýtagtyň we ýurtdaky beýleki möhüm desgalaryň atlaryny üýtgedip, olara Nazarbaýewiň adyny dakmak baradaky jarnamany biragyzdan kabul etdiler.

Bu jarnama Gazagystanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna gabat, Nazarbaýewiň döwlete eden «beýik hyzmatlaryna» hormat üçin kabul edildi. 76 ýaşyndaky Nazarbaýew nebite baý Gazagystana 1989-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär.

XS
SM
MD
LG