Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa Respublika partiýasynyň kandidatyny seçýär


Fransua Fillon
Fransua Fillon

Fransiýaly saýlawçylar merkez-sagçy Respublika partiýasynyň prezidentlige kandidatyny seçmek üçin ses berýärler.

Fransua Fillon bir hepde ozal geçirilen birinji tapgyr bäsleşikde 44 prosent ses alyp, 28.5 prosent ses alyn garşydaşy Alain Juppeden üstün çykdy.

27-nji noýabrdaky saýlawlaryň ýeňijisi geljek ýazynda prezident saýlawlaryna gatnaşar.

Prezident saýlawlary maý aýynda, respublikanlaryň kandidaty bilen aşa sagçy Milli frontuň lideri Marine Le Peniň arasyndaky bäsleşik esasynda geçiriler öýdülýär .

Fillon Parižde ses berdi, Juppe öz häkimlik edýän şäheri Bordoda ses berdi.

Iki erkek hem ozal premýer-ministr bolan.

Fillon Fransiýanyň «rewolýusiýanyň gyrasynda durandygyny» we radikal özgerişlik isleýändigini duýdurdy.

Juppe sazlaşyga we dürlülige üns berdi we öz garşydaşyny rus prezidenti W.Putine ýakyn durmakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG