Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sankt-Peterburgda "Hizb at-Tahririň" agzasy türmä basyldy


"Hizb at-Tahririň" agzasy, Sankt Pterburg, 9-njy noýabr, 2016
"Hizb at-Tahririň" agzasy, Sankt Pterburg, 9-njy noýabr, 2016

Orsýetiň Sankt-Peterburg şäheriniň sudy gadagan edilen «Hizb at-Tahrir» guramasynyň agzasyny tussag etdi.

Etniki rus Dmitriý Mihaýlow 29-njy noýabrda şäherde “Hizb at-Tahrir» guramasynyň öýjügini döretmekde günäli taplyp, şol günüň özünde 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Mihaýlow özüniň günälidigini aýtdy. Sankt-Peterburgda 2014-nji ýyldan bäri “Hizb at-Tahrir» guramasy bilen ilteşiklilikde jemi dokuz adam tutulyp, sud edildi.

Orsýetiň Ýokary sudy 2003-nji ýylda bu guramany «terrorçy» diýip atlandyrdy. Düýbi Londonda ýerleşýän sünni topary Merkezi Aziýa ýurtlarynda hem gadagan edildi.

«Hizb at-Tahrir» ähli musulman ýurtlary yslam halyfatyna birleşdirmek isleýändigini, emma muny parahatçylyk arkaly etmekçidigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG