Gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew rus harbylary geljekde Gyrgyzystandaky harby bazadan çykmaly diýdi.
Atambaýew 1-nji dekabrda, Bişkekde guralan ýyllyk metbugat ýygnagynda eden çykyşynda Gyrgyzystan öz topragynda hiç bir daşary ýurt goşunyny saklamazdan, öz ýaragly güýçlerine daýanmaly diýdi.
Gyrgyzystan we Orsýet 2012-nji ýylda Orsýetiň Bişkegiň alkymyndaky Kantdaky harby bazany kärendesine almagynyň möhletini, indiki ýyldan başlap, 15 ýyl uzaltmak barada ylalaşyga geldi.
Gyrgyzystanyň ozalky hökümeti bu kireý möhletini 49 ýyl uzaltmaga razy bolupdy. Atambaýew ABŞ-nyň Manas uçar meýdanyndaky harby tranzit desgalarynyň 2014-nji ýylda ýapylmagyny hem dogry karar diýip atlandyrdy.