Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen diplomaty Nepesgulyýewiň 'garyndaşlary bilen görüşýändigini' aýdýar


Saparmämmet Nepesgulyýew

"Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri" proýekti, türkmen resmisine salgylanyp, 2015-nji ýylyň awgustynda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilen graždan aktiwisti Saparmämmet Nepesgulyýewe öz uýasy Liliýa Nepesgulyýewa bilen duşuşmaga şert döredilendigini habar berýär.

Saparmämmet Nepesgulyýew türkmen häkimiýetleri tarapyndan tramadol preparatyny bikanun saklamakda aýyplanmazyndan öň "Türkmenistanyň alternatiw täzelikleriniň" we Azatlyk radiosynyň ştatdan habarçysy bolup işleýärdi we onuň türmä basylanyndan soňky ýagdaýy hakynda şu güne çenli suwytly zat bilinmeýärdi.

Neşiriň 2-nji dekabrda çap eden maglumatyna görä, Türkmenistanyň Ženewadaky, Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Atageldi Haljanow BMG-niň adam gynamalaryna garşy komitetiniň 59-njy sessiýasynda S.Nepesgulyýew üç gezek öz uýasy bilen gysga wagt duşuşmaga mümkinçilik berlendigini aýdypdyr.

Haljanowyň sözlerine görä, bu duşuşyklar şu ýylyň 23-nji ýanwarynda, 19-njy martynda we 16-njy oktýabrynda bolupdyr.

Mundanam başga, raýat aktiwistine şu ýyl dört gezek - 21-nji ýanwarda, 19-njy martda, 27-nji iýulda we 16-njy oktýabrda azyk geçirilipdir.

Türkmen diplomaty S.Nepesgulyýewiň tussaglykda saklanmagy bilen başga jikme-jiklikleri aýtmady diýip, habar.tm saýty ýazýar.

Ozal hem habar berlişi ýaly, Saparmämmet Nepesgulyýew Balkan welaýatyndaky sosial-ykdysady kynçylyklar, saglyk, bilim edaralaryndaky ýagdaýlar, agyz suwunyň ýetmezçiligi, ýollaryň ýaramazlygy we beýlekiler hakynda habar berýärdi.

Ol 7-nji iýulda, "Awaza" syýahat zolagyna fakt ýygnamaga baranda ýitirim boldy we 31-nji awgustda sud edilýänçä daşarky dünýäden doly izolýasiýada saklanyldy.

Halkara hukuk guramalarynyň ynanjyna görä, Nepesgulyýwe garşy gozgalan jenaýat işi galplaşdyrylan iş we onuň türme tussaglygyna höküm edilmegi daşary ýurt neşirleri bilen hyzmatdaşlyk üçin ar alyş bolup durýar. Bu çaklamany Nepesgulyýewiň kameradaşy, gazak raýaty Erik Supuşew tema tassyklady.

BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler baradaky işçi topary 2015-nji ýylyň aýagynda S.Nepesgulyýewiň saklanmagy we tussag astyna alynmagy bikanun diýen netijä geldi hem-de Türkmenistanyň häkimiýetlerini aktiwisti boşatmaga, şeýle-de oňa ýetirilen zyýany öwezini dolmaga, ýagny kompensasiýa tölemäge çagyrdy.

Türkmen häkimiýetleri halkara guramalarynyň S.Nepesgulyýewi boşatmak baradaky çagyryşlaryna hiç bir düşündiriş bermediler. Žurnalistiň ykbalynyň ýokary derejeli türkmen diplomaty tarapyndan BMG-niň mejlisinde ýatlanmagy seýrek ýagdaý bolup durýar.

"Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri" proýektiniň makalasy esasynda taýýarlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG