Orsýetiň Federal howpsuzlyk býurosy FSB Dagystan sebitine geçirilen reýd mahalynda «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň ýerli liderini öldürendigini aýdýar.
4-nji dekabrda çap edilen beýanatda FSB özüniň Dagystanyň paýtagty Mahaçgalanyň golaýynda bir hususy jaýda Rustam Aselderowy hem-de onuň dört sany ýakyn egindeşini öldürendigini aýtdy.
Beýanatda häkimiýetleriň 3-nji dekabrda geçirilen reýd mahalynda ol jaýdan awtomatik ýaraglary we köp möçberde ok we partlaýjy enjamlary tapandygy aýdylýar.
Şeýh Abu Mohammad al-Kadari diýen ady ulanýan Aselderow YD tarapyndan täze kawkaz welaýatyndaky «emir» diýlip atlandyryldy.
Rus howpsuzlyk resmileri ony 2012-nji ýyldan bäri Dagystandaky terror toparlarynyň aktiw agzasy diýip bilýärler.
Aselderow 2014-nji ýylda YD lideri Abu Bakr al-Bagdadä kasam kabul etdi.