Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaý, gaz partlamasynda 32 magdançy öldi


Hytaý, Draggo görnüşi

Hytaý häkimiýetleri kömür şahtasynda bolan hadysadan soň ýer astynda galan soňky 10 magdançynyň hem ölendigini tassyk etdi.

Bu tassyklama bilen demirgazyk Hytaýda bolan magdan betbagtçylygynda ölenleriň jemi sany 32 boldy.

4-nji dekabrdaky tassyklama Çifen şäherindäki magdan käninde bolan gaz partlamasyndan bir gün soň edildi.

Halas ediş toparlary partlamadan gysga wagt soň 22 adamyň jesedini tapdylar.

Partlama bolan mahaly ýer astynda 181 magdançy işleýän eken.Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki Sinhua habar gullugy 149 magdançynyň ölümden gutulandygyny habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG