Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Siriýa: Idlibe urlan howa zarbalarynda 14 adam öldi


Kafr Jales obasy, Idlib

4-nji dekabrda Siriýanyň demirgazyk-günbatar welaýaty Idlibe urlan howa zarbalarynda azyndan 14 adam öldi diýip, gözegçi topar aýdýar.

Siriýanyň Londonda ýerleşýän adam hukuklary obserwatoriýasy howa zarbalarynyň Maaret al-Numan şäherine urlandygyny aýtdy.

Aýdylmagyna görä,zarbalar Orsýetiň uruş uçarlary tarapyndan urlana meňzeýär.
Idlib esasan pitneçi koalisiýanyň, şol sanda ozal Al-Nusra front diýip bilinýän Jabhat Fateh al Şam ekstremist toparynyň gözegçiliginde galýar.

Bu zarbalar demirgazyk şäher Aleppoda pitneçileriň elindäki ýerlere urulýan howa zarbalarynyň arasynda uruldy.

Gündogar Aleppo iýuldan bäri hökümet güýçleriniň gabawynda we agyr azyk, ýangyç we derman ýetmezçiligini çekýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG