Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus Prawoslaw ybadathanasynyň Türkmenistanda ýeparhiýa döretmek islegi başa barmady


Rus Prawoslaw ybadathanasy, Aşgabat

Rus Prawoslaw ybadathanasynyň Türkmenistanda dini administratiw – territorial birlik ýeparhiýasyny döretmek boýunça nobatdaky tagallalarynyň ýene başa barmandygyny dini meseleler boýunça “Forum-18” täzelikler agentligi habar berýär.

Gurama Prawoslaw ybadathanasynyň Türkmenistanda öz eparhiýasyny açmak we ýepiskopy ýerleşdirmek isleýändigini, emma onuň bu isleginiň ýene başa barman, kilisäniň iki ýokary derejeli wekiliniň ýaňy-ýakynda Aşgabada eden saparynyň netije bermändigini belledi.

Rus Prawoslaw kilisesiniň (Moskwa Patriarhaty) Türkmenistandaky dinçiler boýunça häzirki wagtda wagtlaýynça Orsýetde ýerleşýän administratory arhiýepiskop Feofilakta (Kurýanow) we Merkezi Aziýa boýunça ýolbaşçysy, Daşkente ýerleşýän metropolit Wikentiý (Morar) 2016-njy ýylyň 3-6 noýabr aralygynda Türkmenistana sapar etmäge rugsat berlipdi.

“Maňa mälim bolşuna görä, saparyň dowamynda resmiler bilen hiç hili duşuşyk geçirilmedi” diýip “Forum-18” Rus Prawoslaw kilisesiniň Özbegistandaky ýeparhiýasynyň metbugat wekili Mihail Stolýarowy sitirleýär.

Metropolit Wikentiý soňky gezek Türkmenistana 2013-nji ýylda barypdy.

Rus Prawoslaw kilisesiniň Türkmenistanda hiç wagtda öz ýeparhiýasy bolmandy. Kilisäniň häzirki ýolbaşçysy Kirill patriarh bolmazyndan öň 2008-nji ýylda Aşgabada eden saparynyň dowamynda, Türkmenistada ýeparhiýany açmak islegini resmi taýdan mälim edipdi.

Rus Prawoslaw kilisesiniň patriarh derejesindäki hiç bir ýolbaşçysy Türkmenistana sapar etmändi.

Soňky ýylyň dowamynda Türkmenistanda Rus Prawoslaw ybadathanasy basyşa sezewar boldy. Patriarhyň 2008-nji ýyldan bäri Türkmenistandaky dini bölüminiň sekretary bolan we Aşgabatdaky Mukaddes Nikolaý kilisesiniň baş ruhanysy, Orsýetiň raýaty Grigoriý Boçurow 2016-njy ýylyň iýun aýynda Türkmenistany terk etmäge mejbur edildi.

Rus Prawoslaw kilisesi 2007-nji ýylda Türkmenistanda häkimiýetleriň basyşy astynda ona golaý ybadathanasyny Daşkentde ýerleşýän Merkezi Aziýa boýunça ýeparhiýasyna göçüripdi diýip, “Forum-18” habar berýär. Şeýle-de, maglumatda

Rus Prawoslaw kilisesiniň dinçileriniň sany Türkmenistandan has az bolan Täjigistan we Azerbaýjan ýaly ýurtlarda, öz eparhiýalarynyň bardygyny bellenýär.

Rus Prawoslaw kilisesi Türkmenistanda resmi hasaba alnan dini toparlaryň biri.

Türkmenistanyň 2010-njy ýylda BMG beren resmi hasabatyna görä, ýurtda jemi hasaba alnan 123 guramadan, 100 çemesi sünni we şaýy musulmanlary, 13 gurama rus prawoslaw hristianlaryna degişli.

Emma Türkmenistanda musulmanlara hem basyş edilýändigini halkara guramalary habar berýärler. Sentýabryň aýagynda Lebap welaýatynyň paýtagty Türkmenabatdaky kiçiräk musulman jemgyýetiniň ýolbaşçysy Bahram Saparowyň we onuň dini toparynyň agzalarynyň tussaglykda dereksiz ýitendigi habar berildi.

Tükrmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylda beren resmi wadasyna garamazdan, Ermeni apostol kilisesiniň Türkmenbaşy şäherindäki gadymy ybadathanasyny yzyna gaýdyp almak boýunça edýän tagallalary heniz netije bermän gelýär.

Halkara guramalarynyň we ABŞ-nyň hökümetiniň din azatlygy boýunça ýyllyk hasabatlarynda, Türkmenistan dini berk döwlet gözegçiliginde saklaýan ýurtlaryň biridigi bellenip, hasaba alnan guramalar babatynda çäklendiriji düzgünleriň ýöredilýändigi, hasaba alynmadyk toparlaryň agzalarynyň bolsa tussaglyk, gorkuzmalar we jerime ýaly jezalandyryjy çärelere yzygiderli sezewar edilýändigini belleýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG