Moskwada belli yslam pelsepeçisi we jemgyýetçilik adamy Geýdar Jemal 69 ýaşynda ýogaldy. Jemalyň ýakynlary onuň uzak wagtlap hassalyk bilen göreşenden soň, duşenbe güni dünýäden ötendigini mälim etdiler. Onuň haýsy hassalyga uçrandygy anyklaşdyrylmady.
Geýdar Jemal 1980-nji ýyllarda belli bolup başlapdy. Ol Sowet soýuzynda Yslam Galkynyş Partiýasynyň döredilmeginiň tarapdarlarynyň biri bolupdy.
1995-nji ýylda ol Russiýanyň Yslam Kommiteti jemgyýetini döredip, oňa ýolbaşçylyk edipdi.
Geýdar Jemal 6-njy dekabrda Gazagystanyň Almaty şäherinde jaýlanar.