Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Azatlyk Radiosynyň habarçysy - Allaşowy azat etmäge çagyrýar


ÝHHG
ÝHHG

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) türkmen häkimiýetlerini Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşowy “dessine” azatlyga goýbermäge çagyrdylar.

ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekili Dunýa Mýatowiç sişenbe güni ýaýradan beýanatynda türkmen resmilerine ýüzlenip, “Türkmenistanda žurnalistiň howpsuzlygyna kepil geçmäge” çagyrdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Allaşow Hudaýberdi Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan tussag edildi. Mekan Täşliýew lakamy bilen, esasan Daşoguzdaky ýagdaýlar barada maglumat taýýarlan Allaşow geçen hepdäniň şenbe güni tussag edildi.

Hudaýberdi Allaşow
Hudaýberdi Allaşow

Şaýatlaryň gürrüň bermegine görä, 3-nji dekabr güni giçlik polisiýa işgärleri 27 ýaşly Allaşowyň öýüne kameraly gelip, ony nas serişdesini saklamakda aýyplap, Köneürgenjiň polisiýa edarasyna äkidipdirler. Allaşow bilen birlikde onuň ejesi we aýaly hem tussag edildi.

Atlandyrylmasyzlygyny soran wakanyň şaýatlarynyň gürrüň bermegine görä, Hudaýberdi öýünde özüniň atýan birnäçe bukja nasyny saklaýan eken. Emma häzir Hudaýberdä 11 kilogram nasy saklaýandygy barada aýyplamanyň bildirilýändigi belli boldy.

Dunýa Mýatowiç
Dunýa Mýatowiç

Mundan öň, Mýatowiç tärkmen resmileriniň öňünde başga-da ençeme meseleleri gozgapdy. Oktýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa üç gezek hüjüm edildi. Noýabrda Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysy Rowşen Ýazmuhamedowa şertli tussaglygyny ýatyrmak bilen haýbat atyldy. Geçen ýyl Azatlyk Radiosynyň başga bir habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Türkmenistan adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlary tarapyndan dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirýär.

XS
SM
MD
LG