Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýaly aktiwistler: Harbylar Alepponyň köne şäher sebitini ele saldy


Siriýanyň hökümete tarapdar güýçleri.
Siriýanyň hökümete tarapdar güýçleri.

Siriýaly aktiwistler hökümet güýçleri we olaryň ýaranlary pitneçileriň kontrollygyndaky Alepponyň köne şäher sebitini doly ele saldylar diýýärler.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasynyň 7-nji dekabrda beren maglumatyna görä, gijäň dowamynda hökümet güýçleri has köp territoriýany eýeläp başlandan soň, pitneçi söweşijiler Siriýanyň köne şäher sebitiniň galan böleklerinden yza çekildiler.

Bu obserwatoriýanyň maglumatyna görä, häzirki wagtda harbylar gündogar Alepponyň 75 prosentine golaýyny eýeleýärler. Soňky dört ýylyň dowamynda bu territoriýa pitneçiler kontrollyk edýärdi.

Şeýle-de, 7-nji dekabrda Russiýanyň Goranmak ministrligi polkownik Ruslan Galitskiý diýlip atlandyrylýan rus harby maslahatçysynyň Aleppodaky pitneçileriň eden hüjümlerinde ýaralanyp, ölendigini mälim etdi.

6-njy dekabrda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow şäheri terk etmekden ýüz öwüren söweşijileriň “ýok ediljekdigini” aýdypdy.

XS
SM
MD
LG