Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Indoneziýadaky ýertitremede 97 adam öldi


Indoneziýanyň demirgazygyndaky Açeh welaýatynda bolan suwasty ýertitremeden soň, köçede oturan ýaşaýjylar. 7-nji dekabr, 2016 ý.

Indoneziýanyň demirgazygyndaky Açeh welaýatynda bolan suwasty ýertitremede azyndan 97 adam öldi diýip, harby komandir aýdýar.

“Bu san barha artýar” diýip, 7-nji dekabrda Açeh harby güýçleriniň başlygy Tatang Sulaiman aýtdy. Başga-da ençeme adamyň jaýlaryň aşagynda galan bolmagyndan alada edilýär.

Indoneziýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Sumatra adasynda bolan 6,5 bal derejesindäki ýer yranmasynda onlarça bina ýumruldy.

Indoneziýanyň Betbagtçylyga garşy Milli agentligi heläkçiligiň bolan sebitine ýurduň halas ediş gullugynyň müňlerçe işgäriniň, şol sanda ýüzlerçe esgeriň iberilendigini aýtdy.

Indoneziýanyň Meteorologiýa gullugy ýurda sunami howpunyň abanmaýandygyny mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG