Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystan tussaglary köpçülikleýin amnistiýa etmäge taýýarlanýar


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew.

Gazagystanyň parlamentiniň aşaky öýi 30 müň çemesi tussagy amnistiýa etmek baradaky kanun taslamasyny kabul etdi.

Prezident Nursultan Nazarbaýew ýurduň garaşsyzlygynyň 25-nji ýyl dönümi mynasybetli tussaglary amnistiýa etmegi teklip edipdi. Bu teklipnama 7-nji dekabrda Gazagystanyň Mejlisi tarapyndan tassyklandy.

Bu kanun taslamasyny parlamentiň ýokarky öýüniň – Senatyň hem tassyklamagyna we oňa 16-njy dekabrda belleniljek Garaşsyzlyk gününden öň Nazarbaýewiň gol goýmagyna garaşylýar.

Gazagystanyň baş prokurorynyň orunbasary Iogan Merkeliň aýtmagyna görä, bu teklipnama kabul edilse, onda ol 30,000 tussaga we deslapky tussaghanalarda saklanylýan adamlara täsir ýetirer.

Onuň sözlerine görä, olaryň 1,800 sanysy azatlyga goýberiler we galan bendileriň tussaglyk möhleti kemeldiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG