Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurt diplomatlary türkmen türmesine baryp gördi


Baýramaly şypahanasy
Baýramaly şypahanasy

Türkmenistan daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň wekillerine Baýramalydaky ýetginjekler türmesine baryp görmäge rugsat berdi.

«Turkmenistan.ru» saýtynyň berýän maglumatyna görä, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Angliýanyň, ABŞ-nyň diplomatik missiýalarynyň diplomatlary, ÝHHN-nyň Aşgabatdaky merkeziniň, BMG-niň Ösüş programmasynyň we ÝUNISEF-iň wekilleri mary welaýatynda kämillik ýaşyna ýetmedik tussaglaryň saklanylýan koloniýasyna baryp gördüler.

Neşir türkmen IIM-iniň metbugat gullugyna salgylanyp, bu saparyň maksadynyň ýetginjekler koloniýasynyň işi, maddy-tehniki bazasy we ýaş tussaglaryň saklanyşşertleri bilen tanyşmakdan ybarat bolandygyny aýdýar.

Emma daşary ýurt diplomatlarynyň ýaş tussaglaryň saklanyş şertlerine nähili baha berendigi aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG