Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz saýlawçylary konstitusiýa üýtgetmeleri girizmegi goldady


Saýlaw resmisi ses bermäge gelen gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýewiň şahsyýetini anyklaýan resminamany barlaýar. 11-nji dekabr, 2016 ý.
Saýlaw resmisi ses bermäge gelen gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýewiň şahsyýetini anyklaýan resminamany barlaýar. 11-nji dekabr, 2016 ý.

Gyrgyzystanyň saýlaw resmileri ses berijileriň aglabasy käbir ygtyýarlyklary prezidentden premýer-ministre geçirjek we şol bir jynsdaky adamlaryň nikalaşmagyny bikanun etjek konstitusiýa referendumyny goldady diýýärler.

Esasan musulmanlardan durýan respublikanyň saýlawçylaryndan ýekeje “hawa” ýa-da “ýok” diýen söz bilen 26 sany düzediş teklibini, şol sanda ýokarda agzalan iki üýtgetmäni öz içine alýan paketi ýa goldamak, ýa-da ret etmek soraldy.

Hökümet tarapyndan goldalýan bu referendum, başga zatlar bilen bir hatarda, käbir jenaýatlar boýunça çäklendiriji düzgünleri hem aýrar we häkimiýetlere käbir işlerde ýurt raýatlygyny ýatyrmak hukugyny-da berer.

11-nji dekabrda geçirilen referendumyň dowamynda galplyklaryň bolandygy barada käbir maglumatlar hem gelip gowuşdy.

Ishak Masaliýew, Onuguu-Progres partiýasynyň wekili Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna syýasy partiýalaryň sesleri satyn almaga ýüz urandygyny aýtdy. “Ynamdar adamlaryň aýtmaklaryna görä, her ses üçin 500-den 1000 soma çenli pul ($7-$14) hödürlendi” diýip, ol aýtdy.

Içeri işler ministriniň orunbasary Almaz Orozaliýew metbugat ýygnagynda çykyş edip, paýtagtda Bişkekde şeýle wakalaryň 3-siniň, demirgazykda Çuý regionynda hem ikisiniň habar berlendigini mälim etdi.

Gyrgyzystanda pikir soramalar az geçirildi, emma gyrgyz häkimiýetleri 1991-nji ýyldan bäri geçirilen alty referenduma gatnaşygyň ýokary bolandygyny we olardaky teklipleriň aglaba köplügiň goldawyny tapandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG