Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň armiýasy Alepponyň etrabyny eýeledi, Palmyradan yza çekildi


Siriýanyň hökümete tarapdar güýçleri.

Siriýanyň harbylary gabawdaky Aleppo şäheriniň uly etrabyny ele saldylar, emma şol bir wagtda, taryhy Palmyra şäherinden yza tarap çekildiler. Bu şäher gaýtadan “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň kontrollygyna geçdi.

Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasynyň aýtmagyna görä, 12-nji dekabrda siriýa güýçleri pitneçilerden Alepponyň günorta-günbataryndaky Şeih Said etrabynyň kontrollygyny ele geçirdiler.

Düýbi Londonda ýerleşýän Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasynyň ýolbaşçysy Rami Abdel Rahmanyň aýtmagyna görä, Siriýanyň armiýasy möhüm etraba indi “doly gözegçilik” edýär we bir wagtlar oppozision söweşijileriň kontrollygyndaky şäheriň ortaça 90 prosentini ele geçirdi.

2012-nji ýyldan bäri Aleppo şäheri günbatarda hökümet güýçleriniň we gündogarda pitneçi toparlaryň arasynda ikä bölünipdi.

Geçen bir aýyň dowamynda Siriýanyň we Russiýanyň howa zarbalary tarapyndan goldanylýan siriýa gury ýer güýçleriniň hüjümleri netijesinde oppozision güýçler şäherdäki kontrol nokatlarynyň tas ählisini diýen ýaly ýitirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG